5 minutda netije aýan edýän koronawirus testiniň öňümizdäki hepde ulanylmaga başlanjak

5 minutda netijäni görkezýän test öňümizdäki hepde ulanylmaga başlanar

DÜNÝÄ SAGLYK

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, 5 minutda netijesini aýan edýän koronawirus testiniň öňümizdäki hepde ulanylmaga başlanjakdygyny habar berdi

Donald Tramp, Ak Tamda geçiren metbugat ýygnagynda Kovid-19 epidemiýasyna garşy görülýän çäreler barada beýanat berdi. 

Donald Tramp, 5 minutda netijäni görkezýän Kovid-19 testiniň ABŞ-nyň Azyk we derman senagaty edarasy tarapyndan tassyklanandygyny belledi. Testiň öňümizdäki hepde ulanylmaga beriljekdigini beýan etdi. 

Tramp, ABŞ-nyň Azyk we derman senagaty edarasynyň, saglyk ýagdaýlary kadalaşan adamlardan ganlarynyň plazmasynyň nusgalaryny aljakdygyny nygtady. Bu plazmalaryň antiwirus kompenentlerini öz düzüminde jemleýändigini we täze bir sanjymyň oýlanyp tapylmagy bilen bagly işlerde ulanyljakdygyny habar berdi. 

Tiz anyklaýyş enjamlarynyň epidemiýanyň öňüniň alynmagyndaky esasy usuldygyny bellän Tramp, bu usul bilen müňlerçe adamy testden geçirip biljekdiklerini we wirusy duruzyp biljekdiklerini aýan etdi. 

TRT

Bir cevap yazın