COVID-19 KIMLERE HAS ULY HOWP SALÝAR?

COVID-19 KIMLERE HAS ULY HOWP SALÝAR?

DÜNÝÄ SAGLYK

COVID-19 wirusynyň başlan ýeri bolan Hytaýdan alnan maglumatlara görä, käbir adamlar bu wirusdan has agyr kesellemek howpy astynda galýarlar. Olara aşakdakylar degişlidir:

↣ Gartaşan adamlar;

↣ Ýiti hrokini keselli adamlar (ýürek keselli, süýji, öýken keselli).

Eger-de siziň ýaşaýan ýeriňize COVID-19 tiz ýaýrasa, bu uzak wagtlap dowam edip biler. Haçanda ýokanç kesel tiz ýaýranda, ilatyň köp bölegi birden keselleýär. Wirusyň nähili tizlikde ýaýraýşyna baglylykda, ýurduň saglyk ministrligi wirusyň ilata salýan howpuny azaltmak üçin köpçülikleýin çäreleri maslahat berip biler. Bu çäreler keseliň ýaýramagyny haýalladyp we täsirini azaldyp bilýär.

Eger-de siz ýaşyňyz ýa-da saglyk ýagdaýyňyz sebäpli COVID-19 wirusynyň has uly howp salýan adamlarynyň hataryna girýän bolsaňyz, onda size wirusdan goranyş çärelerini görmek örän wajypdyr:

↪  Ähli zerur zatlaryňyzy jem saklaň (zerur dermanlar, iýmit we arassaçylyk önümleri).

↪  Adamlar bilen araňyzda daşlyk saklaň. Esasanam keselli adamlara ýakynlaşmaň.

↪  Köpçülik ýerlerine barmajak boluň.

↪  Möhüm bolmadyk syýahatlaryňyzy goýbolsun ediň.

↪  Elleriňizi wagtly-wagtynda sabyn we suw bilen 20 sekuntlap ýuwuň. Sabyn ýok bolsa düzüminde 60%-den köp alkogol saklaýan el arassalaýjy serişdeleri ulanyň.

↪  Ýüzüňizi, burnuňyzy, gözüňizi ellemekden saklanyň.

↪  Öýüňizi wagtly-wagtynda arassalap we dezinfisirläp duruň.

↪  Ýaşaýan ýeriňize COVID-19 tiz ýaýrasa, mümkin boldugyça öýden çykmaň.

↪  Eger keselleseňiz, haýal etmän lukmanyňyz bilen bejergi çäreleri barada maslahatlaşyň.

Çeşme: ABŞ-nyň Keselleri Bejeriş-Öňüni Alyş Merkezleri

Saglyk.org

Bir cevap yazın