Dünýäde 7 müň diliň ýarsy ýitmegi mümkin

Dünýäde 7 müň diliň ýarsy ýitmegi mümkin

Medeniýet

Dünýäde häzirki wagtda bar bolan 7 müň diliň ýarsy ýitmegi mümkin

Ankara şäherindäki Hajettepe uniwersitediniň Türkologiýa ylmy-derňew institutynyň başlygy Prof. Dr Ýunus Koç, dünýäde häzirki wagtda bar bolan 7 müň töwerek diliň azyndan ýarsynyň şu asyryň ahyryna çenli ýitmeginiň mümkindigini aýan etdi.

Ýunus Koç beren beýanatynda şu gün Halkara Ene dil gününiň bellenilip geçilýändigini habar berip, bir diliň ulanylyş ýerleriniň azalyp. Aragatnaşyk funksiýasynyň ortadan aýrylmagynyň we ol dili bilýän adamlaryň galmazlygynyň dili öldürýändigini mälim etdi.

Bu ýagdaýyň ykdysady mümkinçilikler, özgerişler, senagatlaşma, iş modelleri, migrantlaryň iş güýji, migrasiýa, resmi dil syýasatlary, diskraminasiýa, söweş ýaly sebäplerden gözbaş alýandygyny aýdan Ýunus Koç, Aziýada we Balkan ýurtlarynda ekspansionistik syýasatyň, rus diliniň sebitde  agalyk ediji bir ýagdaýa gelmegini üpjün edendigini we beýleki dilleriň ýitmek etabyny çaltlandyrýandygyny aýan etdi.

Lingwistleriň taryhy çeşmelerden alan maglumatlaryna görä häzirki wagta çenli 6 müňe golaý diliň ölendigini aýdýandyklaryny bellän Ýunus Koç, anyk bir san aýtmagyň kyndygyny beýan etdi.

TRT

Bir cevap yazın