Gazdan howpsuz peýdalanalyň!

Gazdan howpsuz peýdalanalyň!

BILIM

Gaz peçlerini ulanmazdan öň howpsuzlyk düzgünlerini doly berjaý ediň! Ýurdumyzyň uly baýlygy bolan tebigy gaz durmuşymyzy eşrete besleýär. Bu ýangyjyň her bir maşgala elýeterli bolmagy ugrunda uly tagallalar edilýär. Şeýle aladalaryň netijesinde öý hojalygynda tebigy gazdan giňden peýdalanylýar.

Bu amatly ýangyçdan howpsuz peýdalanmak bolsa esasy talaplaryň biri bolup durýar. Şeýle düzgünleriň berjaý edilmezliginiň dürli hadysalaryň döremegine, howply ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna getirip biljekdigini unutmaly däl. Biz olar hakynda durup geçmegi ýerlikli hasapladyk.

Gaz bilen işleýän enjamlardan peýdalanylanda, aşakdaky düzgünleri berk we gyşarnyksyz berjaý etmeli:

  • gaz enjamlary işleýän wagtynda aşhananyň äpişgesini ýa-da äpişgäniň kiçi gözüni açyp goýuň;
  • gaz plitasynyň nurbatyny açmazdan öň ýanyp duran otlu çöpi ýa-da tutaşdyryjyny gorelkanyň ýanyna elteniňizden soň, bekleýji burmasyny açyň;
  • işläp duran gaz enjamlaryny gözegçiliksiz galdyrmaň;
  • mekdebe çenli ýaşly çagalaryň, gaz enjamlaryny ulanmagyň düzgünlerini bilmeýän adamlaryň olardan peýdalanmaklaryna ýol bermäň;
  • gaz enjamlaryndan peýdalanyp bolanyňyzdan soň, bekleýjiniň burmasynyň ýapylandygyny hökman barlaň;
  • gije ýatmazdan öň gaz enjamlaryny, gaz plitasyny, içerki ýyladyş we suw gyzdyryjylary ýene bir gezek barlamagy unutmaň!

Şu aşakdakylar gadagandyr:

  • açyk ot bilen gazyň çykýan ýerini gözlemek;
  • öýi özbaşdak, birugsat gazlaşdyrmak, gaz enjamlaryny çalyşmak, goşmaça enjam oturtmak;
  • gaz enjamy oturdylan jaýda täzeden meýilleşdiriş işlerini geçirmek;
  • gaz enjamlarynyň düzüm gurluşyna üýtgeşmeler girizmek, çalyşmak hem-de howpsuzlyk awtomatikasynyň işlemegini aýyrmak;
  • gaz enjamlaryny döwlet standartlarynyň talaplaryna laýyk gelmeýän rezin şlangalar bilen gaz geçirijilere birikdirmek;
  • ýyladyşhana hojalygyny, awto garažlary özbaşdak gazlaşdyrmak, şeýle hem gaz hojalyk edarasyndan rugsatsyz gazdan peýdalanmak;
  • howa çalşyjy ýollaryň gözeneklerini ýapmak we ýelmemek;
  • gaz enjamlaryny tüsse çykarsyz ulanmak;
  • gaz bilen işledilýän enjamlary özbaşdak bejermek.
Gaz peçlerini ulanmazdan öň howpsuzlyk düzgünleri
Gaz peçlerini ulanmazdan öň howpsuzlyk düzgünlerini doly berjaý ediň!

Eger-de siz jaýyň içinde gazyň ysyny duýsaňyz, derrew gaz ulanmagy bes ediň! Ilki äpişgeleri açyp, jaýy ýelejirediň! Şol wagt çyra ýakmak, kükürt çakmak we açyk otlary ulanmak gadagandyr.

Gaz peçlerini ulanmazdan öň howpsuzlyk düzgünlerini doly berjaý etmeli. Olaryň golaýynda çagalara oýnamak gadagandyr. Öyden çykyp gideniňizde hökman gaz enjamlaryň bekleýji burmasyny ýapmaly. Gazdan peýdalanmagyň howpsuzlyk düzgünlerini bilmek we olary dogry ýerine ýetirmek arkaly özüňizi we maşgala agzalaryňyzy ýüze çykyp biläýjek howply ýagdaýlardan gorap bilersiňiz. Şol sebäpli bu meselede örän ünsli we seresaply boluň!

Gedaýdurdy ŞIRINOW

«Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň tehniki howpsuzlyk, zähmet goragy we ýol hereketiniň howpsuzlyk bölüminiň başlygy.

Bir cevap yazın