Guterres Remezan aýynyň düşümli bolmagyny arzuw etdi

Guterres Remezan aýynyň düşümli bolmagyny arzuw etdi

DÜNÝÄ

” Musulmanlary mukaddes Remezan aýynyň başlamagy bilen mähirli gutlaýaryn”

BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterres, “Dünýäniň çar tarapyndaky millionlarça musulmany mukaddes Remezan aýynyň başlamagy bilen mähirli gutlaýaryn” diýdi.

Guterres beren ýazmaça beýanatynda, Remezan aýynyň düşümli bolmagyny arzuw etdi.

“Dünýäniň çar tarapynda ýaşaýan millionlarça musulmany, mukaddes Remezan aýynyň başlamagy bilen mähirli gutlaýaryn” diýen Gutarres “Şu ýyl Remezan aýy elbetde tapawutly bolar. Koronawirus epidemiýasynyň çäginde görlen çäreler tebigy ýagdaýda Remezan aýyna hem öz täsirini ýetirer” diýdi.

ÇEŞME: TRT

Bir cevap yazın