Iň äpet serwi agajy | Dünýä täsinlikleri

Iň äpet serwi agajy | Dünýä täsinlikleri

BILIM

Iň äpet we garry serwi agajy. Meksikanyň Santa – Mariýa- del – Tule şäherindäki buthananyň golaýynda ösüp oturan bu agajyň ýaşy barada anyk maglumat ýok. Käbir maglumatlara görä, bu täsin agajyň ýaşy 1300, beýleki maglumatlara görä bolsa 6 müň ýyla barabardyr.

Her näme-de bolsa ol dünýäde diňe bir iň ýogyn däl, eýsem, iň gadymy agaç hem hasaplanylýar. Alymlar ilki-ilkiler ony birnäçe agajyň birleşen görnüşi diýip çaklapdyrlar. Ýňne soňky geçirilen barlaglaryň netijeleri bolsa onuň bir agaçdygyny görkezdi.

Tule (Thule) diýlip atlandyrylýan serwi agajynyň boýy 40 metre, diametri 14 metre barabardyr. Onuň kökleriniň uzunlygy bolsa 80 metre ýetýär. Şähere bu täsin agajy synlamaga her ýylda syýahatçylaryň müňlerçesi gelýär.

Árbol del Tule, Santa María del Tule, Oaxaca, Mexico

Her ýyl ýerli ilat Oktýabr aýynyň ikinji Duşenbe güni bu serwi agajy şanyna baýram belleýär.