Koronawirus dünýäde 182 müň adama ýokaşdy. Covid-19

Koronawirus dünýäde 182 müň adama ýokaşdy

DÜNÝÄ SAGLYK

Koronawirus dünýäde 182 müň adama ýokaşdy. Gazagystanda koronawirus kesellileriň sany 23 adama ýetdi.

Ilkinji gezek Hytaýyň Uhan şäherinde 2019-njy ýylyň dekabr aýynda hasaba alynan we birnäçe ýurda ýaýran koronawirus dünýäde 182 müň adama ýokaşdy.

Hytaýda koronawirus  sebäpli 3226 adam ýogaldy. Ýurtda soňky 24 sagatda 21 adam koronawirus sebäpli hasaba alyndy.

Eýranda 15 müň adama ýokaşan koronawirus 853 adamyň ýogalmagyna sebäp boldy.

Ýurtda keseliň ýaýramagyna garşy görlen çäreleri ýerine ýetirmänler we keselini gözlänler 1 ýyla çenli azatlykdan mahrum ediler.

Gazagystanda koronawirusyň ýene-de 14 adama ýokaşandygy anyklanyldy. Şeýlelikde ýurtda koronawirus kesellileriň sany 23 adama ýetdi.

Gyrgyzystanda heniz Covid-19 sebäpli hasaba alynan bolmady. Gyrgyz hökümeti görlen çäreleriň çäginde  daşary ýurtlylaryň ýurda girmegini gadan etdi.

Pakistanda koronawirus sebäpli ilkinji ýitgi çekildi.

Alžirde koronawirus pandemiýasy sebäpli metjitler ýapyldy.

Katarda Covid-19 sebäpli 439 adam hasaba alyndy.

TRT