OKSOLIN ÝAGY (ОКСОЛИ́НОВАЯ МАЗЬ) KORONAWIRUSYŇ ÝOKUŞMAGYNYŇ OŇÜNI ALÝARMY?

Koronawirus dünýäde 200 müň adama ýokaşdy

DÜNÝÄ SAGLYK

Koronawirus dünýäde 200 müň adama ýokaşdy. Eýranda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 1135 adama ýetdi.

Ilkinji gezek Hytaýyň Uhan şäherinde 2019-njy ýylyň dekabr aýynda hasaba alynan koronawirus dünýäde 200 müň adama ýokaşdy.

Eýranda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 1135 adama ýetdi.

Syýahatçylyk merkezlerinden Kiş adasyna uçar saparlarynyň guralmagy gadagan edildi. Ýurtda ähli metjitlerde bu hepde Juma namazynyň okalmajakdygy habar berildi. Beýleki tarapdan Simnan şäherinde 103 ýaşyndaky zenan, koronawirusy ýeňen iň ýaşuly ikinji adam hökmünde hasaba alyndy.

Hytaýyň Uhan şäherindäki 100 ýaşyndaky keselli bilen Eýranyň Bem şäherinde 91 ýaşyndaky keselli hem koronawirusy ýeňipdi. Hytaýda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 3237 adama ýetdi. Koronawirus ýokaşan 80 müň 894  adamdan 69 müň 614 adam Kowid 19-dan halas boldy.

Russiýanyň Wise-premýeri Tatýana Golikowa, ýurtda Kowid-19 sebäpli hasaba alynanlaryň sanynyň 114 adama ýetendigini mälim etdi. Daşary işler ministrligi şu günden başlap 1-nji maýa çenli Belarusyň raýatlary bilen birlikde daşary ýurtlylaryň ýurda girmeginiň gadagan edilendigini habar berdi. Medeniýet ministrligi ähli muzeýleriň, teatrlaryň we konsert zallarynyň ýapylandygyny mälim etdi.

Azerbaýjanda koronawirus sebäpli 34 adam hasaba alyndy. Ýurtda Kowid 19 sebäpli 1 adam ýogalypdy. Koronawirusyň ýaýramagynyň öňüniň alynmagy maksady bilen metjitleriň wagtlaýyn ýapylandygy habar berildi.

Ukrainada Kowid 19 sebäpli ýogalanlaryň sany 2 adama, hasaba alynanlaryň sany bolsa 14 adama ýetdi. Ukrainanyň Demir ýollary firmasy, ertirden başlap ähli otly saparlarynyň bes ediljekdigini habar berdi. Paýtagtda bolsa käbir metrolaryň şu günden başlap ýapylandygy nygtaldy.

Maldowanyň Parlamenti bolsa Kowid-19 sebäpli 15-nji maýa çenli adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Ysraýylda Kowid 19 sebäpli hasaba alynanlaryň sany 337 adama ýetdi. Içeri işler ministri Arýeh Deri bilen Oba hojalyk ministri Hanegbi, Kowid 19 sebäpli karantina alyndy.

Saud Arabystanynda koronawirus sebäpli hasaba alynanlaryň sany 133 adama ýetdi. Ýurtda Käbeden we Nebewi metjidinden daşary ähli metjitlerde namazyň okalmagy gadagan edildi.

Indoneziýanyň hökümeti Kowid-19 sebäpli daşary ýurtlylaryň ýurda girmegini gadagan etdi. Saglygy goraýyş ministri Kowid 19 sebäpli hasaba alynanlaryň sanynyň 227, ýogalanlaryň sanynyň bolsa 19 adama ýetendigini mälim etdi.

Hindistanda Kowid 19 sebäpli 3 adam ýogaldy, 126 adam hasaba alyndy.

Gyrgyz Respublikasynda hem ilkinji gezek koronawirus keselli 1 adam hasaba alyndy. Keselliniň hasaba alynan ýeri bolan Jelalabad welaýatynyň Suza etraby karantina alyndy.

TRT

Bir cevap yazın