Meşhur ýazyjy-şahyrlaryň durmuşyndan

Meşhur ýazyjy-şahyrlaryň durmuşyndan

BILIM Medeniýet

Meşhur ýazyjy-şahyrlaryň köpüsi öz gymmatly wagtlaryny bagbançyly ga-da, maldar çylyga-da, sarp edipdirler. Käbir meşhur ýazyjylaryň dynç alşyny täsirli geçirişi hakyndaky maglumatlary okyjylara hödürleýäris.

Agata Kristi (iňlis ýazyjysy we dramaturgy). Ol gül ösdürmek bilen meşgullanan soň, köplenç, öz romanlarynda baglar hakynda ýazypdyr. 1938-nji ýyl da adamsy Arçibald Kristi bilen ajaýyp ýerden mülk edinipdir. Olaryň mülkünde bag-bakjaçylykdan başga-da, suw çüwdürimi we tomusky aşhana ýerleşipdir. Ýazyjy seýrek duşýan baglary hem-de gyrymsy agaçlary ekmegi halapdyr. Ol dagda bitýän owadan gülli gyrymsy ösümlikleriň 50-ä golaý görnüşini şeýle-de, hemişe gök öwsüp durýan kameliýanyň 200-den gowrak görnüşini mülkünde ösdürip ýetişdiripdir. Ýazyjynyň bu gyzyklanmasy, köplenç, bagbanlaryň arasynda guralýan sergide baýraklara mynasyp bolupdyr.

Joseph Rudyard Kipling (iňlis ýazyjysy), Angliýanyň ilersinde Susseksiň gündogarynda grafyň eýeçiligindäki mülk ýerden daş jaýy satyn alandan soňra ýazyjynyň bagbançylyga bolan höwesi döreýär. Ol wagtynyň köp bölegini joýalaryň arasynda geçirýär. Susseksiň baý taryhy we gözel tebigaty barada birnäçe ajaýyp şygyrlary ýazýar. Ýazyjy jeňňeller hakynda kitaby üçin berlen Nobel baýragynyň serişdesiniň ählisini öz bagbançylygyna harçlaýar.

Jane Austen (iňlis ýazyjy). Ol çagalygyndan arassa howada işlemegi gowy görüpdir, ulalansoň bu söýgüsini ýazan eserleriniň gahrymanlarynda görkezmegi başarypdyr. Kakasy dünýeden öten soň, Jane ejesi bilen oba göçüp gaýdýar. Olar bag-bakjaly ýerinde nohut, pomidor, ýer alma we ýer tudana ýaly ekinleri ekýärler. Bularyň maşgalasynyň esasy guwanjy ýazyjynyň öz eli bilen oturdan iki sany dub agajy ekeni. Ol gülleri hem gowy görüpdir. J. Austen baglaryň miwe­si­ni ­ýyg­nan­ wagtl­a­ry ­he­miş­e geljekki kitabynyň sýužeti hakynda oylanypdyr.

Meşhur ýazyjy-şahyrlaryň durmuşyndan

Lew Nikolaýewiç Tolstoý (rus ýazyjysy). Ýasnaýa Polýanadaky mülkünde giden miweli bagçylygy bolupdyr. Ol öýlenen soň, 10 gektarlyk mülküni 40 gektara çenli ulaldyp, müňläp alma nahalyny oturdypdyr. Ýazyjy goýundyr at saklap, balçylyk bilen hem dowamly meşgullanypdyr. L.Tolstoý «Uruş we parahatçylyk» eseriniň galam hakyna berýoza nahallaryny satyn alyp oturdypdyr. Ýyladyşhanasynda apelsin, limon ýaly miweleri-de ösdürip ýetişdiripdir.

George Orwell (iňlis ýazyjysy) oba hojalygy bilen gyzyklanany üçin, ol Marokkada, Londonyň eteginde, şotland adasynda ýaşan döwürleri mülkünde işeňňirlik bilen zähmet çekipdir. Ol gök önümleriň we miweleriň onlarça görnüşini ýetişdiripdir. Ýazyjy balyk, leňňeç tutmagy we aw etmegi halapdyr. «Günüň astynda zähmet çekmeklik adamy asylly görkezýär we ony has-da päkleýär» diýen düşünjä uýan ýazyjynyň bu gyzyklan malary onuň nusgalyk roman ýazmaklygyna hiç hili päsgelçilik döretmändir.

Walter Scott (şotland ýazyjysy) sosna, dub, kerkaw agaçlaryny ýetişdiripdir. Ol 1811-nji ýylda Şotlandiýanyň Tuid derýasynyň kenaryndan ýer alyp, bagçylyk we bakja ekinleri bilen meşgullanypdyr. Öz ýerinde ýodajyklaryň gyralaryna owadan güllerden ekipdir. Ýazyjy myhmanlaryna öz ýetişdiren miwelerinden, gök-önümlerinden hödür etmegi diýseň gowy görüpdir.

Bir cevap yazın