Özbegistanda çöken suw howdany Gazagystana hem zyýan ýetirdi

Özbegistanda çöken suw howdany Gazagystana hem zyýan ýetirdi

DÜNÝÄ

Özbegistanda çöken suw howdany Gazagystana hem zyýan ýetirdi. Türkistan welaýatynyň gubernatory Umirzak Şukeýew mesele bilen bagly beýanat berdi.

Özbegistanda suw howdany çökmegi serhediň golaýynda ýerleşýän Gazagystanyň Türkistan sebitine hem zyýan ýetirdi. Şol sebäpli Gazagystanyň Türkistan welaýatynda 30 müňden gowrak adam başga ýerlere göçürildi. 

Türkistan welaýatynyň gubernatory Umirzak Şukeýew beren beýanatynda, Özbegistanyň Sardoba suw howdanynyň çökmeginden soň, suw howdanyna akan suwuň mukdarynyň azaldylmagy maksady bilen suwlama kanallaryny açandyklaryny we şol sebäpli Türkistan welaýatynda 631 öýi suw basandygyny habar berdi. 

Şukeýew, suwlaryň artmagy netijesinde welaýatyň 14 obasyndan 30 müň 581 adamy başga ýerlere göçürendiklerini habar berdi.

Türkistanyň gubernatorlygy tarapyndan berilen beýanatda, aşa gelen suwlar sebäpli käbir obalarda, suw kanallarynyň kenarlarynda we ýoluň gyralaryna çägeli haltalaryň ýerleşdirilendigi aýan edildi. 

Özbegistanda aşa köp ýagan ýagyşlar sebäpli 1-nji maýda Sardoba suw howdanynyň bir bölegi çöküpdi. Ýüzlerçe öý suwyň aşagynda galypdy, 56 adam ýaralanypdy we 70 müňden gowrak adam başga howpsyz ýerlere göçürilipdi. 

TRT

Bir cevap yazın