Pandemiýa döwründe ter miwe we miwe önümleriniň eksporty artýar

Pandemiýa döwründe ter miwe we miwe önümleriniň eksporty artýar

DÜNÝÄ YKDYSADYÝET

Pandemiýa döwründe ter miwe we miwe önümleriniň eksporty artýar. Koronawirus döwründe eksporty artan pudaklaryň başynda durýan ter miwe önümlerine Russiýadan, miwe önümlerine bolsa Germaniýadan ýokary isleg bildirilýär.

Türkiýe ýanwar-mart aýlarynyň aralygynda ter miwe we gök önümleriniň eksportynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 25 göterim ösüş edip, 637,722 000 dollarlyk haryt satdy.

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli islegi ýokary bolan pudaklaryň başynda durýan ter miwe we gök önümleriniň eksportynyň amala aşyrylan esasy ýurdy Russiýa boldy. Degişli döwürde Russiýa edilen ter miwe we gök önümleriniň eksporty 37 göterim ýokarlap, 200,758 000 dollara deň boldy.

Russiýadan soň 59,308 000 dollar bilen Rumyniýa, 55,396 000 dollar bilen Ukraina esasy orny eýeleýär.

Degişli iň ýokary isleg bolsa Ýewropa ýurtlaryndan bildirildi. Koronawirus sebäpli berk çäre gören İtaliýa ter miwe we gök önümleriň eksporty 82 göterim ýokarlap, 4,085 000 dollara barabar boldy.

Belgiýa bolsa ter miwe we gök önümleriň eksportynda 147 göterim artyş boldy.

ABŞ-na hem ter miwe we gök önümleriň eksporty 104 göterim artyp, million dollardan geçdi.

Ýaponiýa edilen miwe önümleriniň eksporty bolsa 50 göterim ýokarlap, 9,300 000 dollara deň boldy.

ÇEŞME: TRT

Bir cevap yazın