Putin: “Çäreler puşman bolmakdan gowydyr”

Putin: “Çäreler puşman bolmakdan gowydyr”

DÜNÝÄ SYÝASAT

Putin, ýurtda Kowid-19-a garşy görlen çäreler hakynda durup geçdi

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, koronawirus epidemiýasyna garşy ýurtda görlen berk çärelere goldaw berýändigini aýtdy.

Putin, wideo konferensiýa arkaly geçiren maslahatynda, ýurtda Kowid-19-a garşy görlen çäreler hakynda durup geçdi.

Koronawirusyň Russiýada giňden ýaýramagynyň öňüniň alynandygyny aýdan Putin “Emma beýleki ýurtlaryň tejribelerinden peýdalanyp ýurduň çar tarapynda degişli çäreler görülmeli we wirusy anyklaýyş merkezleriniň sany artdyrylmaly” diýdi.

Moskwada köçä çykmagyň çäklendirilmegi bilen birlikde görlen berk çärelere goldaw berýändigine ünsi çeken Putin “Wirusa garşy berk çäre görülmeli. Käbir çäreler agyr bolup biler emma puşman bolmakdan gowydyr” diýdi.

Rus hökümeti ýaňy ýakynda daşary ýurtlara guralýan ähli uçar saparlaryny bes edipdi, gury ýer we deňiz gatnawynyň hem 30-njy martdan başlap wagtlaýyn ýapylmagy barada karar kabul edipdi.

TRT

Bir cevap yazın