Russiýanyň nebit eskportyndan alýan girdejisi 25 göterim azaldy

Russiýanyň nebit eskportyndan alýan girdejisi 25 göterim azaldy

YKDYSADYÝET

Russiýanyň nebit eskportyndan alýan girdejisi 25 göterim azaldy. Nebit we tebigy gaz eksporty Russiýda Federal býujetiň takmynan 40 göterimini emele getirýär.

Russiýanyň nebit eskportyndan alýan girdejisi, ýanwar-aprel aýlary aralygynda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 25 göterim azalyp, 30 milliard dollara çenli azaldy. 

Russiýanyň Federal Gümrük gullugynyň berýän maglumatyna görä, ýurtda nebit eksportynyň kuwwady ýylyň ilkinji 4 aýynda 2019-njy ýylyň ilkinji 4 aýynda garanyňda 3,8 göterim azalyp, 84,9 million tonna ýetdi. 

Ady agzalan döwürde Russiýanyň nebit eksportyndan alýan girdejisiniň 25 göterim azalyp, 30 milliard dollara çenli aşaklandygy habar berildi. 

Ýurdyň nebit eksportyndan alýan girdejisi, geçen ýyl ondan öňki ýagny 2018-nji ýyla garanyňda 6 göterim azalyp, 121 milliard dollara çenli aşaklapdy. 

Nebit we tebigy gaz eksporty Russiýda Federal býujetiň takmynan 40 göterimini emele getirýär. 

TRT

Bir cevap yazın