Tramp bilen Putin koronawirus hakynda pikir alyşdy

Tramp bilen Putin koronawirus hakynda pikir alyşdy

DÜNÝÄ SAGLYK SYÝASAT


“Tramp bilen Putin, koronawirus epidemiýasyna uly alada bildirýär

Russiýanyň Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, koronawirus epidemiýasy we halkara nebit bazaryndaky soňky ýagdaý hakynda pikir alyşdy.

Kremlden berlen ýazmaça beýanatda, Wladimir Putin bilen Donald Trampyň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi nygtaldy.

Beýanatda “Putin bilen Tramp, koronawirus epidemiýasyna uly alada bildirýändigini belledi we Kowid-19 howpuna garşy Russiýada we ABŞ-da görlen çäreler hakynda pikir alyşdylar” diýildi.

Beýanatda iki lideriň telefon söhbetdeşliginde halkara nebit bazaryndaky soňky wakalar hakynda hem pikir alyşandygy, bu ugurda ýakyndan aragatnaşyk saklajakdyklary nygtaldy.

TRT