Ýurtlaryň arasyndaky maska söweşi dowam edýär

Ýurtlaryň arasyndaky maska söweşi dowam edýär

DÜNÝÄ

Maska söweşi ABŞ-da ştatlaryň we federal hökümetleriň arasynda hem başdan geçirilmäge başlandy

Ýurtlar ozal deňi taýy görülmedik ýagdaýda bir-birleriniň lukmançylyk enjamlaryny eýeçiliklerine geçirýär.

Bu sowuk söweşiň ilkinjisi mart aýynyň başynda Çeh Respublikasy bilen Italiýanyň arasynda başdan geçirildi. Çeh Respublikasy Italiýanyň isleg bildiren 110 müň maskasyny eýeçiligine geçirdi. Mesele diplomatik tagallalar netijesinde çözüldi.

Italiýa Fransiýa bilen hem maska krizisi başdan geçirdi. Italiýanyň Şwesiýaly saglygy goraýyş firmasynyň üsti bilen Hytaýdan satyn alan maskalaryny 3-nji martda Fransiýa eýeçiligine geçirdi. Wirus sebäpli uly ýitgi çekýän Italiýa we Ispaniýa gitjek maskalaryň eýelerine yzyna berilmegi üçin Şwesiýanyň hökümeti töwellaçy boldy. Diplomatik tagallalar netijesinde maskalaryň ýarysy Italiýa we Ispaniýa ugradyldy.

Germaniýa hem 8-nji martda Şweýsariýa gitjek 240 müň maskanyň eksportyna rugsat bermedi we maskalary eýeçiligine geçirdi. Şweýsariýa maska krizisiniň çözülmegi üçin diplomatiýa taýdan herekete geçdi.

Başga ýurtlaryň maskalaryny eýeçiligine geçiren Fransiýa bilen Germaniýanyň maskalaryny hem başgalary eýeçiligine geçirdi.

ABŞ, Fransiýanyň Amerikaly firmanyň üsti bilen Hytaýdan nagt tölegini töläp alan maskalaryny we beýleki lukçançylyk enjamlaryny eýeçiligine geçirdi.

Germaniýa hem epidemiýa garşy göreşiň çäginde satyn alan 200 müň maskasyny ABŞ-nyň eýeçiligine geçirendigini habar berdi.

Maska söweşi ABŞ-da ştatlaryň we federal hökümetleriň arasynda hem başdan geçirilmäge başlandy. ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine görä, Massaçusets ştatynyň satyn alan 3 million maskasy Nýu-Ýorkyň howa menzilinde federal hökümetiň eýeçiligine geçirildi.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp, maska öndürýän firmalaryň 3M maska eksportyny bes etmeklerini talap etdi.

TRT